SPORT WE SYÝAHAT

ХХ asyryň 5 iň gowy brazil futbolçysy

Braziliýa — futbolda iň üstünlikli çykyş edýän ýygyndy. Ol bäş gezek kubok alan ýurtlaryň arasynda birinjiligi eýeleýärler. Bu ýurt futbola çempionatlarda gowy ýonan we oýnajak ýyldyzlaryň giden toparyny berdi. Aşakda ýigriminji asyryň iň gowy brazil futbolçylarynyň atlary getirilýär. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

5. Romario

Ýüzýyllygyň soňunda oýnan i güýçli brazil oýunçylarynyň biri. Futbolçynyň häsiýeti çylşyrymly, ýöne ajaýyp oýnaýar. Ol müňe ýakyn gol urmagy başardy. Dünýäniň çempiony we ýylyň iň gowy oýunçylsy boldy.

4. Didi

Pele hiç wagt Didi ýaly bilmejekdigini aýdyp, ony özüniň kyblagähi diýip yglan eden futbolçy. Iki gezek dünýäniň çempiony boldy. Ol «gury ýaprak» urgusyny oýlap tapdy. Onda burçdan urlan wagty derwezebandan we oýunçylardan geçen pökgi towlanýar we derwezä girýär.

3. Ziko

Zikony ak Pele diýip atlandyrýardylar. Braziliýanyň ýygyndysynyň lideri standart uruglary ýerine ýetirmekde iň gowy oýunçy diýen ady aldy. Gynansakda, dünýäni çempiony diýen ady alyp bilmedi, diňe bürünç medal bilen çäklenmeli boldy.

2. Garrinça

Pele gelýänçä liderligi elinde saklaýardy, soňra bolsa ikisi bilelikde lider boldular. Dünýäniň iki gezek çempiony, şonuň ýaly-da taryhda iň gowy sag tarapdaky hüjümçi. Onuň pökgä erk edişi haýran galdyrýardy. Bir aýagynyň beýlekisinden 6 santimetr uzynlygy bolsa hasap geň galdyrýardy. Çagalykda lukmanlar onuň oňat ýöräp biljekdigini hem gümansyradypdyrlar.

1. Pele

Ady rowaýata öwrülen futbolçy. Futbolyň şasy. Peleniň dünýäniň iň gowy futbolçydygyny hiç im inkär edip bilmez. Ondan başga hiç kim hem üç gezek dünýäniň çempiony boldum diýip öwnüp bilmez. Tehnikasy gowy, iki aýagy bilen oýnap bilýär, ol oýunlaryň ähli aspektlerinde  hem gowudy. Karýerasynyň dowamynda ol müňde gowrak gol salmagy başarypdy. Diňe şunuň özi hem döwrüň möhüm wakasy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: