SPORT WE SYÝAHAT

Ronaldu çempionlyga ynanýar

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň futbolçysy Kriştianu Ronaldu çempionlyk üçin möwsümiň ahyryna çenli ýiti göreş alyp barjakdyklaryny aýtdy. 27-nji tapgyrda «At-Tai» bilen bolan duşuşykdan soň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýusynda ol bu barada aýtdy.

2:0 hasabynda «Al-Nasryň» peýdasyna tamamlanan duşuşykdan soň Ronaldu: «Bu ― möhüm ýeňiş. Öňümizde ýene üç oýun bar. Biz ynanjymyzy ahyryna çenli saklarys» diýdi.

27-nji tapgyrdaky ýeňişden soň «Al-Nasr» utugyny 60-a çykardy we ýaryşyň öňdebaryjysy «Al-Ittihada» ýene bir ädim ýakynlaşdy. Häzir «Al-Ittihadda» 63 utuk bar. «Al-Tai» bolsa 34 utuk bilen ýedinji orunda barýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: