SPORT WE SYÝAHAT

Täze zelandiýaly Den Huker Islam Mahaçewiň garşysyna çykar

Garyşyk stilde göreşiji (MMA) täze zelandiýaly Den Huker braziliýaly Rafael Dos Anýosa derek russiýaly Islam Mahaçew bilen söweşe çykmak barada karara gelendigini aýtdy. Bu barada «lenta.ru» ýazýar.

Huker Mahaçewiň özüni söweşjeň Absolýut çempionatda (UFC) Habib Nurmagomedowyň yzyny dowam etdiriji diýip hasaplaýandygynyň ony gorkuzmaýandygyny aýtdy. Täze zelandiýaly russiýalyny ýeňmeginiň ony ýeňil agramda UFC-niň çempiony diýen ady almaga ýakynlaşdyrjakdygyna ynanýandygyny mälim etdi.

Hukeriň UFC 267 turnirinde Dos Anýosy çalyşjakdygy we Mahaçew bilen duşuşjakdygy 1-nji oktýabrda mälim boldy. Turnir 30-njy oktýabrda Abu-Dabide geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: