SPORT WE SYÝAHAT

Allegriniň ornuna üç dalaşgär

Turiniň “Ýuwentus” topary Massimiliano Allegri üçin orunbasarlar tapdy. Allegriniň turinliler bilen häzirki şertnamasy 2025-nji ýyla çenli dowam edýär.

Taraplar entek täze şertnama baglaşmady. “La Gazzetto dello Sport” neşiriniň habaryna görä, tälimçiniň topardaky geljegi häzirki möwsümiň netijelerine baglydyr.

“Býankoneri” Italiýa kubogyny almak mümkinçiligini saklaýar. Eger Allegri topardan gidýän bolsa, “Ýuwentus” onuň ýerine geljek tälimçileriň sanawyny düzdi. Häzirki wagtda “Bolonýany” dolandyrýan Týago Motta, Winçenso Italýano (Fiorentina) we Raffael Palladino (Monsa)

“Ýuwentusyň” baş tälimçiligine esasy dalaşgärler bolup durýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: