YLYM WE TEHNIKA

Materiýanyň täze ýagdaýy açyldy

Ýakynda Garwardyň fizikleri 1973-nji ýylda ilkinji gezek ozalyndan aýdylan materiýanyň öň görlüp-eşidilmedik ýagdaýyny bellige aldylar. Bu kwant arka (спиновая) suwuklygydyr. Onuň esasy aýratynlygy aýlanýan elektronlarda bolmagy we hiç wagt doňmaýandygyndadyr. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

1973-nji ýylda fizik Filip B.Anderson, esasan, has çalt kwant kompýuterlerini işläp taýýarlanda ulanyp boljak materiýanyň täze ýagdaýynyň bardygy baradaky teoriýany öňe sürüpdi. Bu bardygyny ozal hiç kimiň subut edip bilmedik çylşyrymly kwant ýagdaýlarynyň biridir. Ýokary okuw jaýynyň saýtynda Garwardyň alymlaryna ony synagda etmegiň başardandygy barada ýazylýar.

Kwant arka suwuklyklary kubitleri döretmek — kwant kompýuterlerinde iň kiçi maglumat birliklerini döretmek üçin açar, olaryň «gurluşyk bloklary», hasaplaýyş kuwwatlarynyň çeşmesi bolup hyzmat ederler diýlip çaklanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: