Ogrular amerikaly zenanyň öýünde roždestwo ýolkasyny oturdypdylar
Dekabryň başynda sosial setlerde Waşington ştatynyň ýaşaýjysy Şaýna Raýsyň durmuşyndaky bolup geçen täsin waka barada habar ýaýrady. Onuň özi bu barada «Tik Tok»-da gürrüň berdi.
«Mail.ru»-nyň ýazmagyna görä, Raýs öz abunaçylaryna birnäçe wagt mundan ozal ogly bilen täze jaýa göçendigi, ýöne öňki jaýynyň hem onuň hususy emlägidigi barada gürrüň beripdir. Köne jaýynda köp zatlar, şol sanda ýolka we onuň bezegleri hem galypdyr. Şolary almak üçin olar şol ýere gelipdirler, ýöne öýüne girip bilmändirler.
Çagyrylan polisiýa narýady gapyny döwüp açanda, Raý täsin ýagdaýy görüpdir. Onuň göçüp gideninden bäri geçen iki hepdäniň içinde näbelli adamlar öýe giripdirler we ymykly ýerleşipdirler. «Täze ýaşaýjylar» gapynyň gulpuny çalyşypdyrlar, öýüň eýesiniň goşlaryny paketlere salypdyrlar we görnüşine görä, durmuşy tehnikalaryň käbirini satybam ýetişipdirler.
Ýöne başga bir ýagdaý hasam haýran galdyrypdyr. Jenaýatkärler öýde roždesttwo ýolkasyny oturdypdyrlar we oňa girlýandalary asypdyrlar.
Polisiýa gelen wagty olar öýde arkaýyn dynç alyp oturan ekenler.