BILIMJEMGYÝET

Welaýat çagalar kitaphanasy 60 ýaşady

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy 60 ýaşady. Ol 1960-njy ýyldan bäri okyjylara hyzmat edip gelýär.
Adyndan belli bolşy ýaly, kitaphananyň okyjylarynyň esasyny mekdep okuwçylary düzýärler. Bu ýerde olara kitaba bolan söýgi döretmek üçin aladalanýarlar. Häzir kitaphananyň gaznasynda dürli eserleriň 117,5 müňden gowragy bar. Olardan aýawly, rejeli peýdalanmagyň kadalary berk berjaý edilýär. Şeýle-de, kitaphana gündelik neşirleriň ähli sanlary gelip durýar.
Bu ýerde çagalar üçin birnäçe gyzykly hem täsirli medeni çäreler yzygiderli guralýar. Olar kitap sergilerini, kinofilmleri, wideorolikleri görkezmegi we ses ýazgylaryny diňletmegi öz içine alýar. Şonuň ýaly-da okyjylaryň gatnaşmaklarynda, ertekiler sahnalaşdyrylýar, söhbetdeşlikler guralýar, dürli temalarda edebiýat agşamlary geçirilýär. Kesilen bölekleri ýerbe-ýer goýup, surat emele getirmek, krosswordlary çözmek, nakyllaryň yzyny dowam etmek, gurjak sahnalary, hyýaly syýahatlary guramak ýaly çäreler guralýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply