JEMGYÝETTÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda ýene «Coca-Cola» öndürilýär

Türkmenistanda «Coca-Colanyň» we bu kompaniýanyň beýleki meşhur içgileriniň önümçiligi dikeldildi. Kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi şahamçasy bolan «Türkmenistan Coca-Cola Bottlers» hojalyk jemgyýeti «Coca-Cola Classic», «Coca-Cola Şekersiz», «Fanta Mandarin» we «Sprite» ýaly gazlandyrylan içgileri gaýtadan öndürilip başlady. Bu barada «Turkmenportal» zawodyň hünärmenlerine salgylanyp, habar berýär.
Ýurdumyzda 1998-nji ýyldan bäri işläp gelýän zawodyň işine wagtlaýyn arakesme berlipdi. Häzir işini dikelden zawod datly içgileri 1 litrlik plastik gaplarda öndürýär. Içgileriň bahasy hem elýeterli. «Coca-Cola Classic» 10, galan içgiler bolsa 8 manatdan paýlaýjy nokatlara ugradyldy.
«Türkmenistan Coca-Cola Bottlers» meşhur kompaniýanyň Ýer ýüzündäki 11 müň önümçilik nokadynyň birisidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply