BILIM

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul ediljek ýerleri

Lebap welaýatynyň dalaşgärlerinden Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul ediljek ýerleri belli boldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetiniň elektron görnüşinde şeýle habar berilýär:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti — Türkmenabat şäherindäki 32-nji orta mekdep, «Himik» etrapçasy, telefon belgisi: 9-77-60.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty — Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdep, S.A.Nyýazow şaýolunyň 129-njy jaýy, telefon belgisi: 6-07-80.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty — Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdep, Magtymguly etrapçasy, telefon belgisi: 3-79-32.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň inžener-tehhiki we ulag kommunikasiýalary instituty — Türkmenabat şäherindäki 2-nji orta mekdep, 3-nji etrapça, telefon belgisi: 4-38-91.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersiteti — Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdep, «Bahar» etrapçasy, telefon belgisi: 2-01-84, 2-27-62.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti — Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdep, 3-nji etrapça, telefon belgisi 2-40-51.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, — Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdep, S.A.Nyýazow şaýolunyň 130-njy jaýy, telefon belgisi: 6-03-45.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen oba hojalyk instituty, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy — Türkmenabat şäheri, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, Dostluk şäherçesi, Zelili köçesiniň 1-nji jaýy, telefon belgileri: 9-87-71, 9-89-56.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty — Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdep, 3-nji kwartal, telefon belgisi: 2-53-40.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Şabende köçesiniň 7-nji jaýy, telefon belgileri: 3-67-45.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasy, Türkmen döwlet medeniýet instituty — Aşgabat şäherinde görkezilen ýokary okuw mekdepleriniň öz binalarynda resmi iş kagyzlary kabul edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: