Türkmenistan: Ýollar abatlanylýar
Lebap welaýat häkimliginiň awtomobil ýollaryny ulanyş müdirliginiň Halaç etrap ýol ulanyş bölüminiň işgärleri awtomobil ýollaryny abatlamak boýunça maksada laýyk işleri alyp barýarlar.
Bu Halaç etrabynyň çäginden geçýän «Türkmenabat — Kerki» awtomobil ýolunyň ulag geçirijilik ukybynyň we hiliniň saklanylmagyna ýardam edýär. Şu ýylyň dowamynda ýoluň 140, 154, 155-nji kilometrlerinde abatlaýyş işleri geçirildi. Şu günlerde bolsa Garabekewül şäheriniň köçeleriniň 7 kilometr aralygynda asfalt düşemek işleri alnyp barylýar. Etrabyň Ajy obasynda hem ýoluň 600 metr aralygynda düýpli abatlaýyş işleriň geçirilmegi meýilleşdirildi.