Türkmenistanda Russiýada öndürilen ikinji ikinji waksina — «ЭпиВакКорона» bellige alyndy. Ol «Wektor» Döwlet wirusologiýa we biotehnologiýa ylmy merkezi tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada «Orient» habarlar agentligi ýazýar.
«ЭпиВакКорона» Russiýada 2020-nji ýylyň oktýabrynda bellige alyndy we ol bellige alynanyndan soňky kliniki barlaglary geçdi. Türkmenistan öndüriji ýurtdan, ýagny, Russiýa Federasiýasyndan soň bu waksinany resmi bellige alan ikinji döwletdir.
Ozal, 2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Gamaleýa adyndaky ylmy-barlag merkezi tarapyndan taýýarlanylan «Спутник V» waksinasy bellige alnypdy. Bu koronawirusyň belli bir belokleryny bedene eltmek üçin gap (konteýner) hökmünde ulanylýan howpsuz adenowirusyň esasynda taýýarlanylan wektor waksinasydyr.
Türkmenistanda ikinji rus waksinasy — «ЭпиВакКорона» — hasaba alyndy

01
Feb