SYÝASAT

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny döretmek boýunça başlangyç bilen çykyş etdiler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça möhüm başlangyç bilen çykyş etmek barada bilelikdäki Karar kabul etdiler.

Onda «şunuň bilen baglylykda:

1) Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky teklip bilen Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmeli;

2) «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Kararyny kabul etmeli.

2. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek boýunça gelip gowşan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak barada iş toparyny döretmeli» diýilip bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: