SYÝASAT

Arkadag şäherinde Aba Annaýew geňeşligi döredildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesini berildi we oňa halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy.

Mejlis bu Karary halypa seýis Aba Annaýewiň bitiren hyzmatlaryny hem-de Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, şeýle hem «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul etdi.

Karar bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmek tabşyryldy. 23-nji iýulda bolsa täze şäherçäniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeler giriziler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: