Dostlugyň galla önümleri kärhanasynyň önümlerine isleg barha artýar

Köýtendag etrabyndaky Dostluk galla önümleri kärhanasynda geçen ýylda gowy hilli unuň 26346 tonnasy öndürildi. Bu bolsa meýilnamada bellenilenden 146 tonna artykdyr. Mundan başga-da, geçen döwürde kepegiň 8123  tonnasy, tüwiniň 750 tonnasy, çörek we çörek önümleriniň hem 1402 tonnasy öndürildi. Kärhanada geçen orakda galla tabşyran önüm öndürijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda kepegiň 3010 tonnasy ýeňillikli bahadan berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector