MEDENIÝETSYÝASAT

ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçisi «Senetçilik we amaly haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu S. Klimow «Senetçilik we amaly haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň açylyş dabarasynda gatnaşdy.
Biziň portalymyza beren interwýusynda ol Türkmenistanda geçirilýän medeni çärelere gatnaşmakdan uly lezzet alýandygyny belledi. Ýöne bu günki festiwalyň onda has uly täsir galdyrandygyny hem aýtdy. Sebäbi ol örän ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar we oňa beýleki ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşýarlar.
Türkmenistan geografiýa taýdan örän amatly ýerde ýerleşýär. Ýagny, ol Gündogar bilen Günbatary birleşdirýär. Şonuň üçin hem, Türkmenistan şular ýaly halkara festiwallarynyň geçirilýän merkezine öwrülip biler. Halklaryň senetçilik önümlerinde meňzeşlikleri tapmak bolýar. Mysal üçin, ýerli amerikalaryň dokaýan halylarynda, ýasaýan keramiki önümlerinde türkmenleriňki bilen meňzeşlikleriň bardygyny görüp bolýar. Indiki ýyl hem şeýle festiwal geçirilse, men oňa olary çagyrarmykam diýýärin. Şonda bu aýdýanlarymyň dogrudygyna göz ýetirip bilersiňiz — diýip jenap Mettýu S. Klimow aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: