SYÝASAT

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topar döredildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda» Karar kabul etdi.

Resminama laýyklykda, konstitusion topara «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak hem-de olara garamak we kabul etmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki maslahatyna bellenen tertipde hödürlemek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: