SYÝASAT

Lebap welaýatynda saýlawly edaralara dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşygy dowam edýär

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşmagyny dowam etdirýärler. Dalaşgärler we olaryň ynanylan wekilleri kärhanalarda, edaralarda bolup, saýlawçylary özleriniň meýilnamasy bilen tanyşdyrýarlar, ýygnananlar bilen sorag-jogap alyşýarlar.

Ozal habar berşimiz ýaly, saýlawly edaralara saýlaw okruglarynyň hersinde bir orun üçin iki-üç dalaşgär hödürlenildi. Olaryň hatarynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekýän ýokary hünärli wekiller bar.

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary üçin 26, welaýat halk maslahatynyň agzalary üçin 40, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary üçin 180, Geňeşleriň agzalary üçin bolsa 1397 saýlaw okrugy döredildi.

Welaýatda saýlaw uçastoklarynyň 567-si döredildi. Saýlawlar şu ýylyň 26-njy martynda geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: