TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň täze kitaby çapdan çykdy

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň «Dünýäniň yşky» atly täze kitaby çapdan çykdy. Ol Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Onda awtoryň hekaýalary, nowellalary, esseleri we miniatýuralary ýerleşdirilipdir.

Kitap tematiki örüsiniň giňligi we wakalaryň özboluşly beýan edilişi bilen tapawutlanýar. Çuň filosofiýa ýugrulan, gahrymanynyň häsiýetini wakalaryň we liriki oýlanmalaryň üsti bilen açyp görkezýän biri-biri bilen yzygiderliligi saklaýan, hersi aýratyn sýužeti emele getirýän eserler jemlenip, bütewiligi emele getirýärler. Kitabyň şahyrana dili bar, ol ýeňil okalýar.

Ýazyjynyň «Söýgi sallançagy» we «Gara perişde» goşgular ýygyndysy okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Onuň goşgulary, proza eserleri «Garagum» žurnalynda, «Edebiýat we sungat» gazetinde we beýleki döwürleýin neşirýatlara yzygider çap edilýär. Käbir eserleri rus diline terjime edildi.

Döwletgeldi Annamyradow Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda eneden doguldy. Etrapdaky 6-njy orta mekdepde okady. M.Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: