DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Şweýsariýanyň topary «Dakar — 2022» 1984-nji çykarylan «Niwada» gatnaşar

Sýurihde sowet ýolsuz ýerde-de ýöreýän maşynynyň fanatlary çapyşyga gatnaşýan «Niva Red Legend Team» topar bilen tanyşdyrylyşy boldy. Esas hökmünde 1984-nji ýylda öndürilen maşyn alyndy. Ony  diňe 2000-nji ýyla çenli ralli-reýdlere gatnaşan modelleri goýberilen maşynlar goýberiljek täze «Dakar Classic» kategoriýasyna gatnaşmaga taýýarlapdyrlar.

«Mail-ru»-nyň habar bermegine görä, ekipažyň düzüminde — pilot Mario Ýakober we şturman Sladan Milýiç.

«AwtoWaz» topara goldaw berdi. Ulagyň resmi start belgisi — 763 — ýöne ýere saýlanylyp alynmady. Ol maşynyň gelip çykan ýeri bolan Samara oblastynyň awtomobil kody.

Bu maşyny çapyşyga gatnaşýanlar  Nowosibirskide satyn alypdyrlar we Şweýsariýa çenli sürüp barypdyrlar, diýýärler. Uguryň uzynlygy dakaryňka bilen deňeçirräk (6000 kilometr töweregi). Maşyn ýolda döwülmändir,ýöne ulaga düşýän agramyň hem ralliniňki ýaly däl bolmagy mümkin.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: