TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi.

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — ösüşiň goşa ganaty» atly bu bäsleşige çeper-publisistik makalalar hödürlenilipdi. Talyp ýaşlaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmek maksady bilen, iki derejede geçirilen bu bäsleşige žurnalistika hünärinde okaýan talyplar birinji dereje, beýleki hünärlerdäki talyplar bolsa ikinji dereje boýunça gatnaşdylar. «Nesil» gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşigiň ýeňijileri Diplomlar, Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: