TÜRKMENISTAN HABARLARY

GDA ýurtlarynyň Howpsuzlyk geňeşleriniň onlaýn maslahaty geçiriler

18-nji noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň gatnaşmagynda onlaýn maslahat geçiriler. GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda bu maslahata Türkmenistanyň wekilleriniň hem gatnaşjakdygy aýdylýar. Bu barada “Turkmenportal” habar berýär.
Arkalaşygyň çägindäki biologiki howplara garşy göreşmek, COVID-19 garşy göreşde bilelikdäki tagallalar, şeýle hem maglumatlar ulgamyndaky howplara garşy durmak öňde boljak maslahatyň özünini düzer.
Onlaýn maslahata Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri hem gatnaşar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply