TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap medeniýet merkezinde dabaraly çäre geçirildi

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap medeniýet merkezinde «Ojaklaryň zynaty — mährem zenanlar» diýen at bilen dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap geňeşiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň guramagynda geçirilen çärä bilim we medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Onda çykyş edenler aýal-gyzlaryň durmuşda tutýan orny, olaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda çekýän zähmeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şonuň ýaly-da, haly dokamak, keşde gaýamak, keçe basmak ýaly gadymdan gelýän senetler bilen meşgullanýandyklary, medeni gymmatlyklary saklap galmaga we indiki nesillere ýetirmäge saldamly goşant goşýandyklary hakynda hem durup geçdiler. Milli däp-dessurlary, edim-gylymlary dowam etdirişlerini, olaryň maşgaladaky ornuny hem açyp görkezdiler.
Çäre etrabyň medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň taýýarlan konserti bilen tamamlandy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply