YKDYSADYÝET

Hasyllylyk üç essä golaý artdy

Milli daýhanlar guramasy we «Petronas Chemicals Group» kompaniýasy tarapyndan Malaýziýanyň Kampungnam sebitinde şaly ösdürip ýetişdirmekde geçirilen synag taslamasy garaşylanyndan hem gowy netijeleri berdi.

Bu işde ekinleri toplumlaýyn dolandyrmagyň tehnologiýasyndan peýdalanyldy. Netije-de, ozal bir gektardan 2,95 tonna hasyl alnan bolsa, häzirki hasyllylyk 7 tonna çenli ýetdi.

Täze tehnologik taslama indi ýurduň ähli şaly öndürijilerine maslahat berilýär. Çünki häzire çenli ony 68 fermer 70 gektardan gowrak ýerde synagdan geçirdi. Onuň durmuşa geçirilmegi bilen Malaýziýadaky tüwi önümçiliginiň birnäçe essä çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Sülgün Seýitmyradowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: