YKDYSADYÝET

Türkmenistan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrmaga taýýar

Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryna beren jogabynda aýtdy.

«Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Bu, elbetde, düşnüklidir: biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, ikitaraplaýyn artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi uly bolan ugurlary we mümkinçilikleri giň möçberde görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boldy. Bu gaz geçiriji energiýa taslamalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň hem, üstaşyr geçirijileriň hem, sarp edijileriň hem bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmek maksadynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidir.

Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini we Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini nazara alyp, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak bilen bagly meseleleriň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys« diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: