JEMGYÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda okyjylar konferensiýasy geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň köpugurly döredijilik dünýäsine bagyşlanyp okyjylar konferensiýasy geçirildi. Oňa şahyryň döredijilik dünýäsi bilen içgin gyzyklanýan bilim we terbiýeçilik işgärleri, kitaphanaçylar, ýaş şahyrlar we jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Konferensiýanyň dowamynda halypa mugallymlar Pyragynyň terbiýeçilik temasyndaky goşgularynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Ýaş şahyrlardyr döredijilik işgärleri 2024-nji ýylda giňden belleniljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap ýazan goşgularyny okap berdiler. Kitaphana işgärleri dana şahyryň welaýat kitaphanasynda saklanýan eserleriniň gymmaty barada gürrüň berdiler. Şeýle hem okyjy konferensiýasynyň dowamynda sowal-jogap we pikir alyşmalar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: