YKDYSADYÝET

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasynda senagat harytlaryny hem öndürýärler

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 929 tonna gowrak haltalyk mata çykaryldy.

Esasy ugry gurluşyk bilen baglanyşykly bu hususy kärhanada senagat önümçiligi bilen meşgullanyp başladylar. Onuň önümhanasynda şu ýylyň dokuz aýynda polipropilen turbalaryň 559 tonnadan gowragy öndürildi. Müşderilere iberilen plastmassa ýeşşikleriň umumy agramy bolsa 148 tonna ýakynlady. Kärhananyň önümleri içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: