YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň hojalyklary ýeralma ekişine başladylar

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýeralma ekişine guramaçylykly girişdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şu ýylda welaýat boýunça 8 müň 800 gektar meýdana ýeralma ekmek hem-de şonça ýerden 123 müň 200 tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Bu azyklyk önümiň ekişine «Zehin açary» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynda badalga berildi. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde iş ýöredýän bu daýhan hojalygy boýunça şu ýyl 512 gektar meýdana ýeralma ekmek meýilleşdirilýär.

Demirgazyk sebitiň ýer eýeleriniň baharyň ilkinji gününde ýazlyk sogan ekişini doly tamamlamagy hem ýagşy niýetler bilen başlanan täze işleriň zähmet joşgunyny artdyrdy. Şu ýyl welaýat boýunça 2 müň 200 gektar ýerde sogan ekildi. Agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli ekiş geçirilen şonça meýdandan 55 müň tonna hasyl öndürmek göz öňünde tutulýar. Ady agzalan «Zehin açary» daýhan hojalygynda hem 41 gektar meýdana ýazlyk sogan ekildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: