«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginde hereketsiz duran guýularyň 40-sy abatlanyldy, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Munuň özi meýilnamada bellenileninden iki guýunyň goşmaça abatlanylandygyndan habar berýär. Möhüm işleriň agramly bölegi Malaý gaz käninde ýerine ýetirildi. Abatlaýjylaryň birleşen tagallalarynyň netijesinde geçen döwürde müdirlik boýunça tebigy gazyň 444 müň kub metriniň goşmaça gazylyp alynmagy üpjün edildi.
Gaz känlerinde şeýle zerur işler üstünlikli dowam edýär.