JEMGYÝET

Türkmen bedewine bagyşlanan çeperçilik bäsleşigi geçirildi

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat medeniýet müdirliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde yglan eden bäsleşigine heýkeltaraşlar, keramikaçylar, nakgaşlar, grafikaçylar gatnaşdylar.

Netijede, nakgaşçylyk boýunça Köýtendag etrabynyň Kerkiçi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Rustam Kurbanow, grafika boýunça welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Alymjan Işangulyýew, keramika boýunça Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Jahangir Haýitow dagy birinji orna mynasyp boldular.

Bäsleşige welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary hem öz eserlerini hödürlediler. Olaryň arasynda grafika ugry boýunça Adylhan Şeripow, nakgaşçylyk ugry boýunça Şirinjemal Hudaýberdiýewa, heýkeltaraşlyk ugry boýunça Bibijan Emirkulyýewa dagy birinji orny eýelediler. Kämil eserleri döreden suratkeşleriň we talyp ýaşlaryň birnäçesine bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: