JEMGYÝET

Balkan welaýatynda «Arkadagyň nesilleri» çagalar dynç alyş merkezi açyldy

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda «Arkadagyň nesilleri» çagalar dynç alyş merkezi ulanylmaga tabşyryldy.

Merkeziň çäginde oýun hiňňildikleri, awtodrom, syn ediş çarhy, oýun zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany hem-de beýlekiler ýerleşýär. Bu ýere gelýänler üçin ýaşyl baglaryň we gülleriň arasynda amatly oturgyçlar hem ornaşdyrylypdyr.

Täze merkeziň edara binasynda işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilipdir. Dynç alyş merkezi doly abadanlaşdyrylypdyr, agşam çagynda onuň çägindäki täsin, owadan çyralar nurana şöhle saçýar. Şeýle-de awtoduralga, dürli tehniki otaglar, beýleki ugurdaş desgalar göz öňünde tutulypdyr.

Merkez Esenguly etrabynyň welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, her ýyl geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisi bolup, alan pul baýragynyň hasabyna guruldy. Pul baýragynyň möçberi ABŞ-nyň 1 million dollaryna barabardyr.

«Arkadagyň nesilleri» çagalar dynç alyş merkezi öňden hereket edýän şeýle merkezlerini üstüni doldurdy. Häzri çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri Gökderede hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýärler. Şeýle merkezler Türkmenistanyň ähli welaýatlarda-da guruldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: