Kerki etrabynda ýaş binagärler bäsleşdiler

Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdepde «Ýaş binagär» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran çäresine etrapda hereket edýän 37 mekdebiň ählisinden hem okuwçylar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, olar şu wagta çenli Türkmenistanda gurlan binalaryň, «Ertekiler dünýäsi» atly çagalar seýilgähiniň maketlerini taýýarladylar. Üçünji şertine görä, gatnaşyjynyň her biri öz etrabynda görmek isleýän binasynyň maketini ýasap geldi. Netijede emin agzalary 13-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Reýhan Azadowyň ýasan işlerine birinji, 6-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Atamyrat Rahmanowyň ýasan maketlerine ikinji, 5-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Islambek Hojaýewiň işlerine üçünji orunlary berdiler.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector