JEMGYÝET

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy  

 Üstümizdäki ýylyň başynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de Lebap welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Guwanjymyz — Arkadagymyz, buýsanjymyz — Watanymyz» atly bäsleşigiň ýeňijileri mälim boldy.

Goşgular ugrunda Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Esen Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Jumamyrat Baltaýew, Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Şatlyk Jepbarow dagylar degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular.

Hekaýalar, şahyrana oýlanmalar boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Melike Jumaýewa birinji, Çärjew etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Solmaz Hoçjyýewa ikinji, Dänew etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy Parahat Babakulyýewa üçünji orunlary eýelediler.

Makalalar boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Rowaç» okuw merkeziniň direktory Agajan Nazarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň hünärmeni Arzuw Saparowa, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gülnar Soltanowa dagylar baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Türkmenabat Halkara howa menziliniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ýalkym Poladowa, Türkmenabadyň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Ajap Dosyýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Merjen Annamyradowa dagylar oçerk ýazmak boýunça ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: