JEMGYÝET

ABŞ-nyň ilçisi: «Türkmenabat ― festiwal ruhly şäher»

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 22-nji aprelde Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Lebap welaýat häkimligi we Türkmenabat şäherindäki «Amerikan burçy» tarapyndan ekofestiwal geçirildi. Festiwalyň çäginde «Jeyhun.news»-yň habarçysy dostlukly döwletiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Klimow bilen söhbetdeş boldy.

― Ilçihana şeýle ekologik çäräni Lebap welaýatynda birinji gezek geçirýärmi?

― Hawa, birinji gezek. Biz ýakyndan beren ýardamy üçin Lebap welaýat häkimligine tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Beýle festiwallar diňe bir döwletiň däl, tutuş dünýäniň tebigatyny goramakda uy ähmiýete eýedir.

― Ekofestiwal üçin Türkmenabat şäheriniň saýlanyp alynmagynyň sebäbi näme?

― Munuň özüne ýetik sebäbi bar. Men Lebap welaýatynda birnäçe gezek saparda we gezelençde boldum. Geçen ýyl Türkmenabat şäherinde geçirilen halkara festiwalyň hem myhmany bolmak miýesser etdi. Ine, şonda türkmenabatlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň festiwallara bildirýän uly gyzyklanmasy mende ýakymly täsir galdyrdy. Şonuň üçin hem biz Halkara Ýer güni mynasybetli ekofestiwalymyz üçin Türkmenabat şäherini saýlap aldyk. Galyberse-de, bu ýerde meniň köp sanly dostlarym bar. Türkmenabat şäheri meni hemişe-de özüne çekýär. Pursatdan peýdalanyp, şäherdäki ilkinji ekofestiwalymyzyň ýokary derejedäki guramaçylygy üçin bu ýerde ýerleşýän «Amerikan burçumyzyň» işjeň agzalaryna hoşallyk bildirýärin.

― Festiwal Halkara Ýer gününe bagyşlanypdyr.

― Bu festiwal Ýer ýüzüni goramagyň we tebigy baýlyklary aýawly saklamagyň golbal derejedäki zerurlykdygyny ýene bir ýola ýatladýar. Halkara Ýer gününde her birimiz daşky gurşaw bilen gatnaşygymyz barada pikirlenip, ony goramak jogapkärçiliginiň öz egnimizdedigine düşünmelidiris.

― Ilçihana Lebap welaýatynda ýene şeýle festiwallary meýilleşdirýärmi?

― Gurnap bileris. Festiwallary, aslynda, şäheriň öz ýaşaýjylary hem gurnap bilerler. Mysal üçin, zibil toplamak, derýanyň kenaryny arassalamak ýaly köpçülikleýin işler baýramçylyk ruhuna beslenerdi. Ýöne men Türkmenabadyň hemişe festiwal ruhundaky tämiz şäherdigini aýratyn nygtamak isleýärin.

― Festiwalyň göwünlerine ýarandygy şäheriň ýaşaýjylarynyň-a gözünden görünýär. Bu baýramçylyk sizde nähili täsir galdyrdy?

― Garaşanymdan hem ajaýyp boldy. Adamlaryň gyzyklanmasy meni haýran etdi. Wagtymy diýseň gowy geçirdim. Men mundan beýläk hem hemmeleri daşky gurşawy goramak üçin ýene bir ädim ätmäge çagyrýaryn. Bu möhüm işe her kim öz goşandyny goşup biler.

― Jenap ilçi, täsirli söhbetdeşlik üçin köp sag boluň!

― Siz hem sag boluň!

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: