Döredijilik we çeper okaýyş boýunça zehinli ýaşlar saýlanyldy
Welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde döredijilik we çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi.
Ösüp gelýän ýaşlary çeper döredijilige gyzykdyrmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak maksady bilen geçirilen bäsleşige Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň 10 — 11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertleri boýunça okuwçylar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap goşgy düzmekde, şeýle-de akyldar şahyryň şygyrlaryny labyzly okamakda bäsleşdiler. Tebigy zehini we söz baýlygy boýunça tapawutlanan okuwçylar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.