TÜRKMENISTAN HABARLARY

Owganystanda Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna bina edilen täze metjit açyldy

Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna bina edilen 500 orunlyk metjidiň açylmagy türkmen-owgan dostlugynyň ýylýazgysyna täze sahypany ýazdy, diýip «Türlmenistan. Altyn asyr» habar berýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat topar metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mazari-Şarif şäherindäki konsullygyna Owganystanyň “Ghazanfar Construсtion, Roada Work Rail Wai Construсion Material P.CO” gurluşyk kompaniýasy bilen metjidi gurmak hakyndaky şertnamany baglaşmak tabşyryldy.
Dostlukly goňşy döwlete yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda degişli çäreler toplumyny, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, goňşy ýurtda söwda merkeziniň we çaga dogrulýan öýüň açylmagyny hem-de ynsanperwer ýükleriň yzygiderli ugradylmagyny öz içine alýan medeni-ynsanperwer ugurly maksatnama taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna bu ýerde saglyk öýi we mekdep guruldy.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda bolan telefon gepleşikleriniň dowamynda türkmen we owgan halklaryny gadymy doganlyk däpleriniň, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň, umumy ruhy hem-de taryhy gymmatllyklaryň baglanyşdyrýandygy bellenildi. Munuň özi döwletara gatnaşyklarynyň, şol sanda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.
Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň owgan halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde guran metjidiniň açylmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.
Metjidiň açylmagy Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň taryhynda möhüm waka öwrüldi.
Onuň gurluşygynda täze tehnologiýalar, özboluşly binagärlik çözgütleri, içki bezeg aýratynlyklarynda mukaddes ýazgylar ulanyldy. Toplumda sadaka dessurlaryny geçirmek üçin niýetlenen desga, awtoduralga bar. Metjidiň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy.
Farýap welaýatynyň, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, din wekilleri, jemgyýetçilik agzalary we köpsanly adamlar düzüminde hormatly ýaşulular we din wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýetini uly şatlyk bilen garşyladylar.
Dabarada çykyş edenler sebitiň umumy ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkezi bolan Türkmenistanyň parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyk edendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ugruny düzýär.
Dabara gatnaşyjylar Owganystanyň hökümetiniň we ähli halkynyň adyndan doganlyk kömegini berýändigi hem-de Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine yzygiderli goldaw edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan we goňşy döwletdäki ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagyna ýardam berýän Türkmenistan goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň we durmuş düzüminiň ýokarlanmagyna gönükdirilen anyk işleri amala aşyrýar hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça halkara başlangyçlaryny öňe sürýär.
Şu maksatlara ýetmek ugrunda iki goňşy ýurt Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde işjeň gatnaşyklary saklap, terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykyly jenaýatçylyga we halkara bileleşiginiň esasy meselesi bolan häzirki zamanyň beýleki wehimlerine garşy göreşmek boýunça umumy tagallalara bilelikde goşant goşýar.


Şeýlelikde, bu waka Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň ösüşiniň, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirilen ähmiýetli hem-de zerur başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine mundan beýläk-de üýtgewsiz taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply