TÜRKMENISTAN HABARLARY

Owganystana Türkmenistandan ynsanperwer ýük eltildi

«Orient»-iň habar bermegine görä, Owganystanyň Farýab we Jauzjan welaýatlarynda Türkmenistandan baran ynsanperwer ýüki dabaraly garşy aldylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynsanperwer kerweniň düzümini taýýarlamaga, ýurduň Daşary işler ministrligine – ony eltip bermegi guramak baradaky Buýruga gol çekipdi.


Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, azyk, dokma we hojalyk önümleri, beýleki durmuş hajatly ýükler ýüklenen uly gabaraly awtomaşynlar bellenilen ýere — Türkmenistan bilen araçäkdeş Farýab we Jauzjan welaýatlaryna ýetip bardylar.
Bu şu ýyly fewral aýyndan bäri günortadaky goňşy halka ulgamlaýyn goldaw bermäge gönükdirilen Owganystan boýunça ýörite maksatnamanyň çäginde ädilen nobatdaky ädimdir. Dostluk kömegi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.
Ýüküň düzüminde ulular we çagalar üçin eşikler, şol sanda gyşky kurtkalar we beýleki ýyly eşikler, ýorganlar, lukmançylyk işgärleri üçin şahsy gorag serişdeleri, zyýansyzlandyryş serişdeleri, antibiotikler, agyz-burun örtükleri we beýlekiler bar.
2020-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan Owganystana pandemiýa bilen göreşmek üçin lukmançylyk enjamlaryny iberipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply