TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda ýaşaýyş jaýynyň bir adama düşýän meýdany 25,6 inedördül metre barabar bolar

2025-nji ýylyň ahyryna çenli Lebap welaýatynda ýaşaýyş jaýy bilen ortaça üpjünçiligiň bir adama düşýän umumy meýdany 25,6 inedördül metre deň bolar. Şoňa çenli ýaşaýyş jaýlarynyň 262,4 müň inedördül metrligi gurlar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmekligiň milli maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň has ýokary depginde alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Diňe geçen bir ýyla golaý wagtyň dowamynda welaýat merkezinde maşgalalaryň 592-si täze öýlerinde toý saçaklaryny ýazdylar.
Gurluşyklaryň ýokary depginli alnyp barylmagyna hususy kärhanalar has işjeň gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda «Amul ýoly», «Belent sepgit», «Ussat peder ýörelgesi», «Altyn gül», «Asyl ýurt» we başga-da hususy kärhanalaryň onlarçasy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply