TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aşgabadyň lokomotiw deposyna täze teplowozlar gelip gowuşdy

Aşgabadyň teplowoz parkynyň üsti Russiýada öndürilen teplowozlar bilen dolduryldy, diýip «Türkmenistan Altyn asyr» saýty ýazýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary operatory «Demirýollary» AGPJ-si «Трансмашхолдинг» paýdarlar jemgyýetinden «ТЭП70БС» ýolagçy teplowozyny we «2ТЭ25КМ» magistral ýük teplowozyny satyn alypdy.

Lokomotiwler 2020-nji ýylda baglaşylan şertnama laýyklykda getirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: