TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda Merkezi Aziýada keramika önümlerini öndürýän iň iri zawod ulanylmaga tabşyryldy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda täze senagat kärhanasyny — keramiki bezeg önümlerini öndürýän zawod ulanylmaga tabşyryldy. Zawodyň öňünde bu waka bagyşlanan dabara boldy.
Ol Merkezi Aziýada şeýle önümleri öndürýän iň iri zawoddyr. Bu ýerde ýokary hilli keramika önümleri öndüriler. Bu önümlere Türkmenistanda hem, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda hem isleg uly. Täze kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 192 müň tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.
Zawodyň gurluşygyna girişilmezinden ozal Ýew¬ro¬pa ýurt¬la¬ry¬nyň bar¬lag¬ha¬na¬la¬ry¬nyň bir¬nä¬çe¬sin-de önümçilikde ulanyljak çig ma¬lyň hi¬mi¬ki dü¬zü¬mi öwrenil¬di we onuň ýaramlydygy anyklanyldy.
Kärhana 1,5 gektar meýdany eýeleýär. Onda önümçilik desgasyndan başga-da, dolandyryş binasy we tehniki hyzmatlar üçin binalar hem ýerleşýärler.
Keramiki önümleri öndürmek üçin kärhanada Ýew¬ro¬pa ýurtlaryndan we Ýa¬po¬ni¬ýadan getirilen en¬jam¬la¬r oturdyl¬dy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply