TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Mir 24» teleýaýlymynda — Türkmenistanyň taryhy

«MIR» HTRÝ-nyň başlygy Radik Batyrşin mediaholdingiň döredilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli beren interwýusynda 2021-nji ýylda tele-radio şereketleriniň şahamçalarynda amala aşyrylan gyzykly taslamalary bellemek bilen, göwrümli gepleşik alyp barandygyny belledi. Şolaryň arasynda «Merkezi Aziýanyň rowaýatlary» gepleşikler topary-da bar. Şu ýyl şol gepleşikleriň biri ilkinji gezek Türkmenistana bagyşlandy, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

«Seljuklar orta asyr imperiýasynyň mirasydyr» atly gepleşikde orta asyr Seljuk dinastiýasynyň gadymy Parfiýa şalygynyň arheologik şa eserleri barada gürrüň berildi.

Yzygiderli taslamalaryň geografiýasyny giňeldip, «MIR» HTRÝ teleýaýlymy giň teletomaşaçylar köpçüligini gyzyklandyrmaga çalyşýar. Häzirki wagtda bu tele-radio şereketiniň gepleşikleri 14-den gowrak ýurtda ýaýylýar.

 2020-nji ýylyň güýzünde «Mir» HTRÝ we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi maglumat syýasaty pudagynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy we şol ýylyň dekabryndan başlap «MIR 24» teleýaýlymy Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) türkmen operatorynyň ulgamynda ýaýlyma başlady. Türkmenistandan gelen habarlar telekanalyň degişli bölüminde yzygiderli berlip durulýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: