TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň birnäçesi hususylaşdyrylar

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, döwletiň garamagyndan aýyrmaga hem-de hususylaşdyrmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça seljermeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

Häzirki wagta çenli gelip gowşan tekliplere laýyklykda, degişli sanaw taýýarlanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparynyň mejlislerinde degişli desgalary hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi. Bu sanawa «Türkmengaz» döwlet konserni boýunça 5 desga, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 3 desga, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça 1 desga hem-de Lebap welaýat häkimligi boýunça 1 desga girizildi.

Olary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: