TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Beridmuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanynda «Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşandygy üçin, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamaly» diýlip bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: