Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda 1138 kilogram aýakgap kremi öndürildi

Oct 15, 2021

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylyň başyndan bäri 1138 kilogram aýakgap kremi öndürildi.

Kärhanada içerki we daşarky bazaryň talaplaryndan ugur alyp, özleriniň mümkinçiliklerine görä täze önümleriň çykarylyşyny hem ýola goýýarlar. Aýakgap kremi hem esasy önümiň gapdalyndan öndürilýän harytlaryň biridir. Bu içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýänleriň ornuny tutýan önümleriň bir görnüşidir.  Ol 2-3 kilogramlyk gaplara gaplanylyp, esasan, harby bölümlere ugradylýar.

Adblock
detector