Ahal welaýatynyň merkezinde dört gatly, 24 we 32 öýli ýaşaýyş jaýlary açyldy
Ahal welaýatynyň merkezinde dört gatly, 24 we 32 öýli ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açyldy. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bu täze jaýlar Ahal welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň buýurmasy esasynda gurlupdyr.
Änew şäheriniň görküni artdyran bu täze ymaratlaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Sahawat gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýerine ýetiripdirler. Täze jaýlar iki we üç otagly öýlerden ybarat bolup, olarda döwrebap şertlerde ýaşamak üçin ýokary amatlyklaryň göz öňüne tutulandyr.