YKDYSADYÝET

Lebaply hususy önüm öndürijiler bazarlary gök önümler bilen üpjün edýärler

 Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri söwda nokatlaryna çykaran ýyladyşhana önümleriniň umumy mukdary 5 müň  133 tonnadan geçdi. Munuň geçen ýylyň degişli döwründäkisinden ep-esli köpdür.

Ilata hödürlenen önümleriň esasy bölegini pomidor tutýar. Hususy önüm öndürijiler ýarym ýylda bu önümiň 4 müň 927 tonnadan gowragyny bazarlara we dükanlara ugratdylar. Şonuň ýaly-da, bolgar burçunyň 64, kelemiň 83 tonnasy alyjylara terligine ýetirildi. Ýer tudanasynyň 1,68, soganyň 8 tonnasy ýyladyşhanalarda ýetişdirildi. Bu bolsa açyk meýdanda ekilen azyklyk ekinler ýetişýänçä, ilatyň bu azyklyk önümlere bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Şu günler bolsa olar tebigy şertlerde açyk meýdanlarda ýetişdirilen ýeralmanyň, soganyň, pomidoryň, bakja önümleriniň we beýleki ekinleriň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: