YKDYSADYÝET

Türkmenistanly telekeçileriň eksport mümkinçilikleri artýar

Lebap welaýatyndaky «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda öndürilen pomidorlaryň 80 göterimi daşary ýurtlara eksport edilýär.

Kärhananyň geçen ýylyň mart aýynda açylyp ulanylmaga berlen 8,5 gektarlyk ýyladyşhanasynda pomidoryň 192 müňden gowrak düýbi oturdylypdy. Häzir her düýpden 13 kilograma çenli hasyl alynýar. Her gektaryň hasyllylygy 250 tonna ýetýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Şu ýylyň iýun aýyna çenli 2 müň tonnadan geçirip, pomidor hasylyny almak meýilleşdirilýär.

Ýyladyşhana Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşligindäki şeýle hususy toplumlaryň diňe biridir. Bu ýerdäki döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň sany 10-dan hem geçýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: