JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlandy  

 Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary kabul edilip başlandy.

Okuwa kabul etmek resminamalar 11-nji iýuldan 24-nji iýul aralygynda geçiriler. Lebap welaýatynda iş kagyzlary şu aşakdaky okuw jaýlarynda kabul edilýär:

 Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti — Türkmenabat şäherindäki 32-nji orta mekdep, «Himik» etrapçasy, telefon belgisi: 9-77-60.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty — Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdep, S.A.Nyýazow şaýolunyň 129-njy jaýy, telefon belgisi: 6-07-80.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty — Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdep, Magtymguly etrapçasy, telefon belgisi: 3-79-32.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň inžener-tehhiki we ulag kommunikasiýalary instituty — Türkmenabat şäherindäki 2-nji orta mekdep, 3-nji etrapça, telefon belgisi: 4-38-91.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersiteti — Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdep, «Bahar» etrapçasy, telefon belgisi: 2-01-84, 2-27-62.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti — Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdep, 3-nji etrapça, telefon belgisi 2-40-51.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, — Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdep, S.A.Nyýazow şaýolunyň 130-njy jaýy, telefon belgisi: 6-03-45.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen oba hojalyk instituty — Türkmenabat şäheri, Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, Dostluk şäherçesi, Zelili köçesiniň 1-nji jaýy, telefon belgileri: 9-87-71, 9-89-56.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty — Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdep, 3-nji kwartal, telefon belgisi: 2-53-40.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasy, Türkmen döwlet medeniýet instituty — Türkmenabat şäheri, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi, O.Garaýew köçesiniň 117-nji jaýy, telefon belgisi: 6-18-37.

Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi, Söwda-kooperatiw mekdebi, Ýöriteleşdirilen bank mekdebi, Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdep, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi — Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdep, «Parahat» etrapçasy, telefon belgileri: 6-69-67, 6-59-73.

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi, Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi, Politehniki orta hünär okuw mekdebi — Türkmenabat şäherindäki 13-nji orta mekdep, «Parahat» etrapçasy, telefon belgileri: 6-76-34, 6-68-29.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: