Türkmenabadyň «Gallaönümleri» kärhanasynda şu ýylyň geçen üç aýynda 11 müň 630 tonna un öndürilip, meýilnama 100,3 göterim ýerine ýetirildi. Önümçiligiň ösüş depgini 102 göterime deň boldy.
Çykarylan önümiň 3 müň 847 tonnasy ýokary hilli, 7 müň 783 tonnasy birinji hilli undur. Şonuň ýaly-da, bu ýerde mannyý ýarmasynyň 45 tonnasy, kepegiň 3 müň 514 tonnasy, öndürildi.
Bu kärhananyň ýyllyk kuwwaty 80 müň tonna bugdaý ununy öndürmäge niýetlenendir. Şeýle-de, kärhanada 100 müň tonna dänäni saklamaga niýetlenen elewator bar.

