YKDYSADYÝET

«Hazar logistik» kompaniýasy gury ýük daşaýjy gämini gurar

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Hazar logistik” hususy kärhanasynyň “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýük göterijiligi 5300 — 8100 tonna aralygynda bolan gury ýük daşaýjy gämini gurmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew türkmen Liderine hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gämi gurlanda, täze iş orunlary dörär hem-de ýurdumyzyň hünärmenleriniň bu ulgamda daşary ýurtlaryň önümçilik tejribesini öwrenmegine mümkinçilik dörär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyz üçin düýbünden täze bolan bu önümçiligiň Diýarymyzyň gämigurluşygyny ösdürmäge esas bolandygyny nygtady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: