JEMGYÝET

Lebap welaýaty ilatyň sany boýunça Türkmenistanda üçünji orny eýeledi

2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň ähli ilatynyň 20,5 göterimini eýeleýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hepdäniň anna gününde geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Geçen ýyl geçirilen ilat ýazuwynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň umumy ilatynyň sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy. Bu san göterim hasabynda paýtagta we sebitlere bölünende Lebap welaýaty ilatynyň sany boýunça ýurtda üçünji orny eýeledi.

Resmi maglumatlara görä, ýurtda ilatyň iň kän bölegi Mary welaýatynda ýaşaýar. Has takygy, bu sebitde ýurduň ähli ilatynyň 22,9 göterimi ýaşaýar. Ikinji orunda 22 göterimlik paý bilen Daşoguz, üçünji orunda bolsa 20,5 göterimlik paý bilen Lebap welaýaty bar.

Şeýle hem ýurduň ilatynyň 14,6 göterimi Aşgabat şäherinde, 12,5 göterimi Ahal, 7,5 göterimi bolsa Balkan welaýatynda ýaşaýar.

Ilatyň 50 göterime golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurdumyzyň umumy ilatynyň 47,1 göterimi şäher, 52,9 göterimi oba ilatyndan ybarat boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: